Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjegiň Içki Gaýgysy

Ýetginjegiň Içki Gaýgysy

News

Ýetginjegiň Içki Gaýgysy

calendar_today 28 April 2025

Ýetginjegiň Içki Gaýgysy
Ýetginjeklik döwri "kynçylyk ýaşy" hasaplanylýar.

Ýetginjeklik döwri – 10 we 19 ýaş aralygy – adam durmuşynyň iň çylşyrymly tapgyrlarynyň biridir. Bu döwürde ýetginjekleriň özlerini duýuşy, emosional ýagdaýy we psihologiki ösüşi düýpli üýtgeşmelere sezewar bolýar. Bu döwür "kynçylyk ýaşy" hasaplanylýar, sebäbi ýetginjekleriň bedeni tiz ösüp başlaýar, ýöne olar jemgyýet tarapyndan henizem "çaga" hökmünde kabul edilýär. Bu ýagdaý olaryň özlerini nädogry duýmagyna, emosional dartgynlylyga we öz-özüne bolan ynamyň pese gaçmagyna sebäp bolup biler. Bu ýagdaýa halk arasynda geçiş döwri diýilýär. 

Geçiş döwründe ýetginjek diňe bir beden taýdan däl, eýsem psihologik we emosional taýdan hem uly özgerişleri başdan geçirýär. Aşakda bu döwürde ýüze çykýan esasy emosional ýagdaýlar, bozulmalar we olaryň sebäpleri, şeýle hem bu meseleleri ýeňilleşdirmek üçin zerur bolan jemgyýetçilik goldawy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

1. Fiziki we gormonal üýtgeşmeler

Ýetginjeklik döwründe oglanlaryň bedeninde testosteron gormony, gyzlarda bolsa estrogen we progesteron gormonlary ýokary derejede bölünip çykýar. Netijede,olaryň sesleri ýognaýar, inçelýär, beden gurluşlaryüýtgeýär, ýüzlerinde we bedenlerinde tüýler peýda bolýar. Bu fiziki özgerişler ýetginjekleriň bedenlerine bolangaraýşyny, özüne ynam derejesini we jemgyýetdäki ýerinidüýpli üýtgetmegi ähtimal.

Bu döwürde olaryň käbiri öz keşbinden utanyp başlaýar, beýleki tarapdan hem özüni tanamak islegi güýçlenýär. Bu garşylyklar içki çaknyşyga, ýagny emosional durnuksyzlyga sebäp bolup biler.

Ýetginjekleriň beýnisi hem bu döwürde “täzeden gurulýar”. Esasy üýtgeşmeler beýniň prefrontal korteks böleginde bolup geçýär – bu paýhasly karar çykarmaga, duýgulary seljermäge we netijesini öňünden çaklap hereket etmäge jogapkär bölümdir. Prefrontal kortekstiň kämil işlemegi diňe 20 ýaşlaryň başlarynda öz doly derejesine ýetýär

2. Emosional durnuksyzlyk we duýgulardakyüýtgeşmeler

Gormonal üýtgeşmeler ýetginjekleriň emosional durkuny hem gozgap geçýär. Bu döwürde olar köplenç, tukat, gaharjaň, köşeşmegi kyn ýa-da dowamly göwnüçökgün ýagdaýda bolup bilýärler. Käbirleri ýeke galan ýaly, özlerini ýalňyz duýup biler, bu ýagdaýyň bolsa özüňi ýaramaz duýmak, depressiýa meýilli bolmak ýaly meseleleri döretmegi ähtimal.

Şeýle hem ýetginjekler täze duýgulary başdan geçirýärler – söýgi, ýürekdeşlik, ýazgarma ýa-da dostlukly ýakynlyk duýgulary. Bu duýgulary nädip düşündirmelidigini wedolandyrmalydygyny bilmezlik hem olarda aladadöretmegi mümkin. Gyzlar oglanlara garanyňda içkiduýgularyny beýan edip bilýär, oglanlar duýgularynybeýan etmekde kynçylyk çekýär, dillenmegi ejizlikhasaplaýarlar. Ýöne oglanam, gyzam deň derejede adam. Duýgularyňy beýan etmek hiç hili aýyp däl. Oglanlara bu babatda çekinmezligi öwretmeli.

Gormonal üýtgeşmeler sebäpli ýetginjeklerde amigdala (beýniň duýgulary işjeň kabul edýän bölümi) has güýçli işleýär, emma ony dolandyrýan prefrontal korteks entek doly ösmedik bolýar. Şonuň üçin ýetginjekler köplenç “ilki etjegimi edip – soň oýlanaryn” diýen ýörelgä eýerýäler.

3. Sosial basyş we özüňi tanamak islegi

Ýetginjeklik döwri ýetginjekleriň jemgyýetde öz ornuny gözleýän, dostlarynyň, joralarynyň pikirlerine has kän üns berýän döwrüdir. Olar "men kim?" diýen soraga jogap tapmaga synanyşýarlar. Şeýle wagtda dostlary, jemgyýetçilikdäki orny, mekdepdäki ýa-da maşgaladaky garaýyşlar emosional ýagdaýa güýçli täsir edýär.

Sosial basyş, ýagny deň-duşlarynyň täsiri ýetginjekleriň käte özlerini ýitirmegine ýa-da özüne ters hereket etmegine sebäp bolup biler. Bu basyşlaryň astynda özüňe erk edip bilmek we özboluşlylygyny goramak ýetginjekler üçin psihologiki taýdan uly synagdyr.

4. Maşgalanyň, mekdebiň we jemgyýetiň roly

Ýetginjegiň emosional ösüşinde maşgalanyň ýerine ýetirýän roly inkär edip bolmajak derejede uludyr. Ene-atalaryň sabyrlylygy, öz çagasynyň duýgularyny pähim-paýhas bilen kabul edip, pikirlerini diňlemegi — ýetginjegiň özüne ynamynyň artmagyna kömek edýär. Şeýle hem, mekdepde pozitiw gurşaw döretmek, jemgyýetde ýetginjekleriň pikirine üns bermek we olary gelinýän kararlara gatnaşdyrmak olaryň emosional durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

5. Ýetginjeklik döwründe ýüze çykýan emosionalbozulmalar

Ýetginjeklik döwri adamlaryň durmuşynda iň känpsihologik üýtgeşmelere sezewar bolýan döwrüdir. Bu döwürde ýüze çykýan emosional bozulmalar, aýratyn-da gussa, was-waslyk we depressiýa ýaly ýagdaýlar, giňden ýaýran meseleleriň hataryna girýär. Was-waslyk — yzygiderli alada etme ýa-da howsala düşme (panika) ýagdaýlary bilen häsiýetlendirilýän — ýetginjekleriň arasynda iň ýygy duş gelinýän emosional bozulma bolup durýar. Alymlaryň pikiriçe, bu ýagdaý ýaş ulaldygyça artýar: 10–14 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň takmynan 4,4%-i, 15–19 ýaşlylaryň bolsa 5,5%-i was-waslykdan ejir çekýär.

Depressiýa hem ýetginjekleriň arasynda kän duş gelýän emosional bozulmadyr. 10–14 ýaşly ýetginjekleriň 1,4%-inde, 15–19 ýaşlylaryň bolsa 3,5%-inde depressiýa alamatlaryna duş gelinýär. Was-waslyk we depressiýa käbir birmeňzeş alamatlara eýe bolup, emosional ýagdaýdaçalt we garaşylmadyk derejede bolup geçýän özgermeleriöz içine alýar. Bu üýtgeşmeler ýetginjekleriň gündelik durmuşyna, aýratyn-da bilim alyşlaryna uly täsir ýetirip bilýär.

Was-waslyk we depressiýa ýaly bozulmalar mekdepdäki ýetişigine, okuwdaky kynçylyklara, köpçülikden üzňeleşmäge we ýalňyzlyk duýgusynyň güýçlenmegine sebäp bolup biler. Depressiýa ýagdaýynyň iň howply netijesi – öz janyňa kast etme howpunyň ýokarlanmagydyr. Şonuň üçin ýetginjekleriň emosional saglygy hakda aladalanmak, olara wagtynda goldaw bermek we jemgyýet tarapyndan kabul edilýän howpsuz gurşawy döretmek örän möhümdir.

Ýetginjeklik döwründe beýni stres wagty çykýan kortizol gormonyna has güýçli reaksiýa berýär. Şonuň üçin ýetginjekler ownujak ýagdaýlary-da örän güýçli emosionallyk bilen kabul etmekleri mümkin, meselem, synagdan pes baha almak ýa-da dosty bilen ara düşen sowuklyk olar üçin uly mesele ýaly duýulyp biler.
Bu fiziologiki aýratynlyk, was-waslyk we depressiýa ýaly emosional bozulmalaryň ýetginjeklikde näme üçin ýygy-ýygydan duş gelýändigini düşündirýär. 

 

Maslahat: Ýetginjekler oglanlarda depressiýa diagnozyny ýüze çykarmak köplenç gyzlara garanyňda has kyn bolýar, sebäbi oglanlar bu ýagdaýy inkär edýär. Oglan ýetginjekleriň köpüsi özleriniň “duýgur bolmaly däldiklerine, ejizlemeli däldiklerine” ynanýarlar. Bu bolsa olaryň şeýle meselelerde kömek soramagyna päsgelçilikberýär. Ýetginjek oglanlarda “kömek soramak ejizlik däl, batyrlykdyr” diýen düşünjäni ornaşdyrmak örän möhüm. 

Mekdepde we maşgalada ýetginjekleriň (oglanlarda-da, gyzlarda-da) aladalaryna açyk we duýgudaşlyk bilen çemeleşýän, duýgularyny böwetsiz beýan etmegine goldaw berýän ene-atalar hem-de mugallymlar olaryň saglygyny, emosional durkuny şikessiz ýagdaýda saklamagyna ýardam berer.

Peýdalanylan çeşmeler:

http://wcaro.unfpa.org/sites/default/files/pub-pdf/sowp2021_report_-_en_web_23.3.21_4.pdf

http://turkmenistan.unfpa.org/tk/news/näme-üçin-ýetginjeklik-döwrüne-“kyn-döwür”-diýilýär

http://students.aiu.edu/submissions/profiles/resources/onlineBook/h4Y3s4_Adolescence_and_Emerging_Adulthood-_5th.pdf

http://www.who.int/news-room/fact-sheets/detail/adolescent-mental-health

National Institute of Mental Health – Child and Adolescent Mental Health